Düzgünnama

EldenEle programmasynyň hyzmatlaryny ýerine ýetirijileriň Ulanyjylyk Ylalaşygy

Programmanyň agzasy bolmak üçin ýa-da Bildirişleri gözlemek we gözden geçirmek üçin Agza bar bolan ulanyjylyk ylalaşygy bilen razylaşýar we programmany ulanmak bilen ähli görkezilen hukuklary we borçlary öz üstüne alýar.

Programmada telekeçilik bilen bagly bolmadyk bildirişleri ýerleşdirmek mugt amala aşyrylýar. Ulanyjylar programmanyň mümkinçiliklerini dogruçyl peýdalanmaly we ulanyjylaryň hakyky maksatlaryna laýyk gelmeýän Bildirişleriň goşulmagyna ýol bermeli däldirler.

1. Ylalaşygyň pretmeti

1.1. Ýerine ýetiriji Size öz hyzmatlaryny bar bolan Ulanyjylyk Ylalaşygynyň predmetine görä öz şertlerini hödürleýär.

1.2. Ulanyjylyk Ylalaşygy ýerine ýetiriji tarapyndan duýdyrylmazdan üýtgedilip bilner. Ulanyjylyk Ylalaşygynyň redaktirlenen görnüşi programmada ýerleşdirilen wagtyndan soň güýje girýär.

2. Hyzmatyň häsiýetleri

Programma Ulanyjynyň öz howpuna we töwekgelçiligine tassyklanamadyk adamlar köpçüligine öz harydyny hödürläp biljek Internet-meýdany bolup durýar.

Programmanyň beýleki ulanyjylary berlen bildirişleri öz isleglerine görä kabul edip ýa-da etmän hem bilerler. Olara programma jogapkärçilik çekmeýär.

3. Ýerine ýetiriji hukuklary we borçlary.

3.1. Hukuklary

3.1.1. Ýerine ýetiriji hiçbir ýagdaýda Saýt/web portaly bilen bagly zeperlere, çykdajylara we ulanyp bolmazlyga jogapkärçilik çekmeýär.

3.1.2. Ýerine ýetiriji islendik wagtda Ulanyjynyň Ulanyjylyk Ylalaşygyny ýerine ýetirişine we Bildirişleri barlamaga hukugy bardyr. Ýerine ýetiriji

Ulanyjynyň Saýtyň hyzmatlaryna düzgün bozmalar ýüze çykan halatynda, şol sanda üçünji taraplardan şeyle bozmalar barada şikaýatlar gelen halatynda, Ýerine ýetirijiniň Ulanyja habar bermezden Saýtyñ ol ýa-da beýleki hyzmatlaryna Ulanyjynyň elýeterligini togtatmaga ýa-da bes etmäge hukugy bardyr, şol sanda Bildirişi ret etmek ýa-da bloklamak/blokirlemek ýa-da onuñ şahsy otagyna elýeterligini blokirlemek.

3.2. Borçlary.

Berlen Ulanyjylyk Ylalaşygyna laýyklykda Ýerine ýetirijiniň borçlary şulardan ybarat:

Ýerine ýetiriji tarapyndan düzülen düzgünnama laýyklykda Saýtda Bildiriş bermäge mümkinçilik bermek, Saýtyñ bazasynda saklanýan beýleki Bildirişeri gözlemäge şeýle hem Bildirişleri aýyrmaga mümkinçilik bermek.

4. Ulanyjynyň registrirlenme/agza bolma borçlary.

Berlen Ulanyjylyk Ylalaşygyna laýyklykda Ulanyjylyk borçlary şulardan ybarat:

4.1. Ulanyjylyk Ylalaşygynyñ aýrylmaz bölegi bolan Bildiriş bermegiñ düzgünlerini bilmek we berjaý etmek.

4.2. Türkmenistanyñ we halkara kanunçylygyny bozýan maglumatlary ýerleşdirmek gadagan.

4.3. Ýalan-ýaşryk maglumaty ýerleşdirmek gadagan.

4.4. Ulanyjynyň haky bolmasa Saýtdan peýdalanyp maglumatlary ýa-da Harydy ýerleşdirmek gadagan. Bu diýildigi, awtorçylyk hukugy bolan materiallaryny, söwda markalary, patentleri we rugsatnamalary bolmadyk ýagdaýynda ulanmak gadagan.

4.5. Saýtyñ maglumat howpsyzlygyny bozmak gadagan.

4.6. Özge at bilen ýa-da özge guramanyñ adyndan çykyş etmeli däl. Islendik ýollar bilen beýleki ulanyjylara we Saýtyñ administrasiýasyna özi hakynda ýalan maglumatlary bermeli däl.

4.7. Ulanyjy özi awtor bolmazdan Saýtda saklanýan islendik materiallary ýok etmeli ýa-da üýtgetmeli däl.

4.8. Telefonlar, poçtanyñ salgysy we elektron poçtanyñ salgylary baradaky maglumatlar Saýtyñ tematikasyndan daşary maksatlar üçin ulanmaly däl.

4.9. Ulanyjynyň hukugy bolmasa özge telefon belgiden ýa-da adresden peýdalanyp registrirlenmeli däl.

4.10.Şahsy otagyñ açar sözüni üçünji taraplara bermeli däl. Şeýle ýagdaýda näsazlyklar ýüze çyksa jogapkärçiligi Ulanyjynyň doly özi çekýär. Ulanyjy

Saýtyñ açar sözüniñ gizlin saklanylmagyna özi jogapkärçilik çekýär.

5. Saýtda ýerleşdirmegi gadagan Bildirişler:

5.1. Düzüminde Türkmenistanyñ kanunçylygyny bozýan maglumatlary saklaýan Bildirişler.

5.2. Mazmunynda köpçülikleýin kabul edilen ahlak kadalaryna laýyk gelmeýän Bildirişler.

5.3. Saýtyñ syýasatyna we Bildirişler bermegiñ düzgünlerine gabat gelmeýän maglumatlar.

5.4. Harydy ulanmak üçin ýörite rugsatnama gerek bolup, onuñ hem bolmadyk ýagdaýynda.

5.5. Türkmenistanyñ kanunçylygyny we halkara ylalaşyklary tarapyndan aýlawy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen Harydy teklip etmek gadagan.

6. Saýtyñ materiallaryny ulanmak.

6.1. Saýtyñ her bir Ulanyjysy öz adyndan ýerleşdirýän maglumatyna we onuñ soñuna jogap berýär.

6.2. Saýt diñe bir maglumaty ýaýratmagyñ serişdesi bolup, Ýerine ýetiriji onuñ dogrylygyna hiçhili jogapkärçilik çekmeýär.

6.3. Ýerine ýetiriji Saýtdan doly ýa-da rejeli bolmadyk maglumaty ýerleşdirmezlige çalyşýar, emma jogapkärçiligi ony ýerleşdirenleriñ özleri çekýärler.

7. Güwanamalar we jogapkärçilik.

7.1. Saýtda ýerleşdirilýän Bildirişler Ulanyjy tarapyndan Ýerine ýetirijiniñ gözegçilik etmezinden ýerleşdirilýändigi üçin Ulanyjynyň özi mahabatlandyryjy we mahabaty ýaýradyjy bolup, onuñ Türkmenistanyñ kanunçylygyna gabat gelmegine özi jogap berýär.

7.2. Ýerine ýetiriji Saýtda ulanylýan üpjünçliginde, serwerde we kompýuter torunda ýalñyşlyklaryñ we kompýuter wiruslarynyñ bolmazlygyna güwä geçmeýär.

Eger-de Saýty ulanmakda enjamlarda ýitgiler ýa-da şikesler ýüze çyksa Ýerine ýetiriji onuñ üçin hiçhili jogapkärçilik çekmeýär.

Berlen Ylalaşyga Ýerine ýetiriji bilen Ulanyjynyň arasyndaky agentlik gatnaşygy, birleşen iş gatnaşygy, hususy hakyna tutma ýa-da başga gatnaşyklaryñ ylalaşygy diýip düşünmeli däl.

Täzelikler arhiwi